Sepleriň elýeterliligi

Ban Özbegistany adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun Özbegistany adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny berjaý etmäge we ýurtdaky syýasy klimaty gowlandyrmaga çagyrdy.

Ban Daşkentde ýerleşýän uniwersitetde studentleriň öňünde çykyş edip Özbegistanyň adamlary gynamaklyga garşy hem-de graždan we syýasy azatlyk barada ençeme halkara ylalaşyklara gol goýanlygyny ýatlatdy.

Ban şol çykyşynda häzirki döwürde bu jogapkärçilikleriň berjaý edilmeginiň we olaryň durmuşa girizilmeginiň wagtynyň gelip ýetenligini hem belledi.

Ban haýsydyr kemçilik hakda gürrüň etmedi. Emma onuň bu pikiri 2005-nji ýylda Özbegistanyň Andijan şäherinde hökümete garşy gurnalan protestleriň basylyp ýatyrylmagy barada BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti tarapyndan doly derňewleriň geçirilmegi boýunça edilen talabyň ýzýanyna gabat geldi.

Oppozision toparlar we hukuk goraýjy guramalar şol wakada ýüzlerçe adamyň ölenligini aýdýarlar. Emma özbek resmileri bu hasabatlaryň esassyzdygyny aýdyp, bu tankytlary ret edýär.
XS
SM
MD
LG