Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Eýran boýunça diplomatik çözgüde umyt edýär


Orsýet Eýranyň ýadro programmasy baradaky dartgynlyk boýunça Moskwanyň diplomatik çözgüdiň tapyljakdygyna henizem umyt edýänligini aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Tähran bilen dartgynlyga dialog arkaly çözgüdiň tapyljakdygy barada Moskwanyň umydyny ýitirmänligini aýtdy.

Ol Eýran ýadro ýaraglaryny öndürmek üçin urany baýlaşdyrýar diýlen mesele bilen bagly eden çykyşynda Tähranyň uranynyň ýadro ýaraglaryny öndürjek derejä ýetmänligini hem öňe sürdi.

Onuň bu pikiri Eýrana garşy täze sanksiýalaryň giriziljekdigi baradaky aladalara Orsýetiň gatnaşmaga taýýardygy bilen bagly beýleki rus wekilleri tarapyndan öňe sürlen pikirlere gapma-garşy gelýän ýaly bolup eşidilýär.

Günbatar ýurtlary bu ugurda alnyp barylýan diplomatik tagallalarda üstünlik gazanylmandygy sebäpli Eýrana garşy täze sanksiýa girizimek barada tagalla edýärler.
XS
SM
MD
LG