Sepleriň elýeterliligi

Owgan jyrgasy ýaraşyga gönükdiriler


Guramaçylaryň biri Owganystanda boljak parahatçylyk jyrgasyna 1300 çemesi delegatyň gatnaşjagyny we onda Owganystanda we Päkistanda durnuklylygy döretmegiň ýollarynyň gözlenjegini aýdýar.

Jyrganyň guramaçylyk komissiýasynyň başlygy, Owganystanyň Magaryf ministri Gulam Faruk Wardak jyrga gatnaşjaklaryň ýurduň çar künjeginden, şol sanda owgan-päkistan serhet regionyndan hem geljegini aýtdy.

Jyrga owgan parlamentiniň agzalary, yslam resmileri, möhüm tire ýolbaşçylary hem gatnaşar.

Wardak bu ýygnaga Talyban wekilleriniň hem gatnaşmagyna rugsat beriljegini aýtdy.

Parahatçylyk jyrgasy maýyň başynda Kabulda geçirilmeli we ol üç gün dowam eder.
XS
SM
MD
LG