Sepleriň elýeterliligi

Inguşystanda janyndan geçen bombaçy iki adamy öldürdi


Resmiler Inguşystanyň Karabulak şäherinde bir janyndan geçen bombaçynyň özüni partladyp, iki polisiýa işgärini öldürendigini aýdýarlar.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Oleg Elnikow bombaçynyň polisiýa stansiýasyna girmekçi bolandygyny, ýöne girelgäniň agzynda saklanandygyny we şol ýerde özüni ýarandygyny aýtdy.

Golaýda maşynda goýlan bomba bolsa bir sagada eter-etmez soň partlapdyr we bir adamy ýaralapdyr.
XS
SM
MD
LG