Sepleriň elýeterliligi

Owgan lideri Talybana goşuljagyny aýdyp haýbat atýar


Parlament agzalarynyň birnäçesi prezident Hamid Karzaýyň hepde ahyrynda reforma barada daşardan edilýän basyş dowam etse, syýasy prosesden el çekip, Talybana goşuljagyny aýdyp haýbat atandygyny aýtdy.

Nangarhar welaýatyna wekilçilik edýän Faruk Marenaý Karzaýyň «men daşardan basyş astyna düşsem, Talybana goşulyp bilerin» diýenini aýtdy.

Deputatlardan ýene ikisi Karzaýyň iki gezek pitneçilere goşulmagy dile getirendigini aýtdy.

Karzaý bu sözleri şenbe güni ýapyk gapylaryň arkasyndaky ýygnakda aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG