Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Päkistan konsullygyndaky partlamany ýazgarýar


Birleşen Ştatlar Peşawardaky amerikan konsullygyna edilen hüjümi ýazgardy.

Ak Tamyň sözçüsi Robert Gibbs Birleşen Ştatlar bu zorlugy berk ýazgarýar diýdi.

Agyr ýaraglanan jeňçiler iki maşyn bilen Päkistandaky amerikan konsullygyna zabt etmäge synananda azyndan 7 adam, şol sanda 4 hüjümçi öldi.

Päkistandaky Tehrike-Talybanyň sözçüsi Azam Tarik AFP habar gullugyna telefonda beren gürrüňinde bu hüjümiň adamsyz uçarlardan Pakistanyň Owganystan bilen serhetindäki jeňçilere garşy urlan zarbalar üçin ar alyşdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG