Sepleriň elýeterliligi

Hemmeleri bir gysyma gysan, totalitar jemgyýet bolan Sowet Soýuzy ähli adamlary ölmez-ödi gazanarlyk iş bilen üpjün edenem bolsa, halka hususy kärhanalary açmaga ýol bermändi. Diňe el hünärlerine degişli bolan düşek önümlerini (keçe, haly, kilim we ş.m.), milli bezeg şaý-seplerini (gülýaka, bilezik, gupba ýaly, gelin-gyzlara degişli şaý-sepleri we atlary bezemek üçin şaý-sepleri), dutar-gyjak ýaly milli saz gurallaryny, don, telpek, tahýa ýaly milli geýimleri az mukdarda öndürmäge we satmaga rugsat berilýärdi. Başga hiç zat öndürmek bolmaýardy. Çörek satýanlary-da milisionerler kowalap, bazarlardan kowup çykarýardy, tutsa, jerime salýardy. Garaz, ol wagtlar her bir ownuk iş hem hökümetiň elindedi.

Garaşsyzlyk alnansoň, Türkmenistan azda-kände-de bolsa, bazar ykdysadyýetiniň ýoluna tarap gadam urdy. Adamlara özleriniň hususy kiçi kärhanajyklaryny döretmäge, dükanlaryny açmaga hökümet tarapyndan rugsat berildi. Şunuň netijesinde türkmen işewürleri ýüze çykyp ugrady. Türkmenler hem özleriniň her hili önüm öndürmäge ukyplydyklaryny görkezdiler. Indi şahsy eýeçilikdäki hususy kärhanalarda goýun, sygyr etlerinden ýasalýan konserwalar, her dürli kolbasa önümleri, agyz suwlary, süýji-köke önümleri, ýagyň dürli görnüşleri, peýnir, gaýmak, makaron önümleri öndürilýär. Hususy kärhanalar açyp, önüm öndürýänlere Türkmenistanda telekeçiler diýilýär.

Häzirki döwürde hökümet telekeçilere işlerini has kämilleşdirer ýaly birneme goldaw berdi. «Hususy telekeçiligi ählitaraplaýyn goldamaklyk ykdysadyýetiň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýip, prezident Berdimuhamedow 2008-nji ýylda köp ugurly milli ykdysadyýeti döretmekligiň ýoluny kesgitlän mejlisde eden çykyşynda aýdypdy.

Tebigy şert

Käbir çeşmelere görä, şu günki gün Türkmenistanda umumy öndürilýän önümiň 40 prosente golaýy döwlete degişli däl sektor tarapyndan öndürilýär. Elbetde, entek bu görkezijiler türkmen telekeçilik işinde pesräk. Sebäbi dünýäniň ähli ýerinde telekeçilik ugry ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup durýar.

Telekeçiligiň ösmegi her bir ýurtda amala aşyrylýan uly özgertmeleriň esasy hereketlendirijisi bolup, ol döwleti durnukly we yzygiderli ösdürmegiň tebigy şerti bolup durýar. Telekeçilik işiniň ösmegi ilaty iş bilen üpjün etmekde möhüm faktordyr. Netijede bolsa islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň görkezijisi hasaplanýan orta gatlak ilatyň ösmegine we giňelmegine giň mümkinçilik açýar.

Geljekde - 2020-nji ýyla çenli Türkmenistanda—ýurtda öndürilýän önümleriň 70 prosentini telekeçileriň öndürjekdigine bil baglanylýar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hususy telekeçiligi ösdürmek bilen bagly meselelere bagyşlanan göçme giňişleýin mejlisinde-de özüniň telekeçileri mydama goldajakdygy barada aýdyp geçdi.

Prezidentiň sözi işden aýry çykmady. Ol telekeçilik işini amala aşyrýanlara döwlet tarapyndan amatly şertleri döretmek we olary goldamak hem-de olaryň täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzak möhletli karz serişdeleri arkaly üpjün etmek maksady bilen Karara gol çekdi. Bu karara laýyklykda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky oba hojalygyna, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky we «Garagum» halkara paýdarlar banky senagat, ulag, aragatnaşyk, hyzmat, informasion tehnologiýalar, innowasiýa ugry boýunça karz bermäge ygtyýarly edildi.

Emmasy bar…

Döwlet tarapyndan goldaw tapan telekeçiler oba hojalyk önümlerini, azyk önümleriniň dürli görnüşlerini, et-süýt, çörek, konditer önümlerini, dürli içgileri… öndürip, zähmet çekip başladylar. Bu işleriň netijesinde ençeme adamlara iş orunlary-da döredi. Emma…

Tejribesizlikden bolsa gerek. Ençeme telekeçileriň öndürýän önümleriniň hili pesräk gelýär. Meselem, türkmen telekeçileriniň öndürýän aş önümleriniň (makaron, wermişel önümleriniň) bişirilen çagy hut un ýaly dargap gidýänliginden öý bikeleri nalaýarlar. «Çorba makaron däl-de, hut un atylan ýaly bolýar» diýip, olar aýdýarlar. Käbir kolbasa önümlerini iýeniňde agzyňa turşy kakýar. Zaýarak et goşulýarmy, ýa-da dymykrak ýerde saklanýarmy, belli däl. Süýji önümleriň kagyzyny aýryp bolanok. Baýramalyly telekeçileriň bişirýän «ak kökelerini» çekiçläp iýäýmeseň, diş basanok.

Telekeçileriň öndürýän mesge ýaglaryna bolsa ösümlik ýagy goşulýar welin, onuň tagamy Orsýetden, Finlýandiýadan gelýän mesgeleriň tagamyça bolanok. Garaz, şuňa meňzeş mysallar kän. Biz muny telekeçileri tankytlamak üçin aýtmadyk. Beýle ýagdaýda olaryň önümleriniň hyrydarlary az boljak. Kemçiliklirägem bolsa, türkmenleriň hem hususy kärhanalar açyp, önüm öndürmegi - gutlanylmaly, begenmeli zat. Olara harytlary ýokary hilli bolar ýaly iş öwretmek gerek.

Okuw geçmeli

2008-nji ýylyň 17-nji martynda türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň diýseň uly sergisi geçirildi. 2000 kwadrat metre golaý meýdanda geçirilen bu sergä hut prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi baryp görüpdi. Hut şeýle ýagdaýda - türkmen telekeçilerini üýşürip, ýa-ha okuw geçmeli, ýa-da olaryň daşary ýurtlara gidip, öz ugurlary boýunça tejribe alşyp, iş öwrenip geleri ýaly olara ýene kömek, goldaw bermeli. Ýogsa adam zähmet çekensoň, zähmetiniň soňam netijeli bolmasa, gynançly ýagdaý.

Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümlerem, elbetde, geçmän duranok. Ýöne Gazagystandan, Orsýetden, Eýrandan, Arap döwletlerinden gelýän makaronlar, süýjüler, kökeler… has gowy geçýär. Sebäbi olarda hil bar. Adam hili pes zady bir sapar aldanyp alsa-da, ikinji sapar almaýar.

Türkmen telekeçileriniň önümleri daşary ýurtlardan gelýän önümleriň ýerini tutup biläýse, olaryň zähmeti ýerine düşjek. Olaryň pul tapmagyna döwlet goldaw berdi, iş öwrenmegine-de goldaw berilse, gowy boljak. Ýogsa hili pes ýagdaýda önüm öndürseň, diňe utulýarsyň.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG