Sepleriň elýeterliligi

Syzyp çykan wideo ýazgy yrak pidalaryny görkezýär


Birleşen Ştatlaryň ýaşryn saklanan harby wideo ýazgysynda Apaçi wertolýotyndan edilen hüjüm we ol hüjümiň ondan gowrak pidasy, şol sanda Roýtersiň habarçylary görkezilýär.

Hökümet we korporasiýa korrupsiýasyna garşy göreşýän Wikiliks topary 2007-nji ýylyň 12-nji iýulynda Bagdatda wertolýotdan edilen hüjümiň wideoýazgysyny ele salandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň gorag resmisi bu wideonyň we audionyň asyl nusgadygyny tassyk etdi.
XS
SM
MD
LG