Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz protestçileri Talasda welaýat häkimligini basyp aldylar


Gyrgyzystanyň Talas şäherinde oppozisiýanyň müňlerçe tarapdary welaýat häkimligini basyp alyp, häkimiň ornuna öz wekillerini bellediler.

Oppozisiýanyň tarapdarlary Talas şäheriniň häkimini zamun alandyklaryny mälim etdiler.

Bu barada oppozision Ata-Meken partiýasynyň wekili Koýsun Kurmanaliýewany Reuters habar gullugyna häkimligiň binasynyň içinden maglumat beripdir.

Dürli maglumatlara görä, Talas şäherinde hökümetiň syýasatyna garşy protest demonstrasiýasyna çykan adamlaryň sany 5 müňe barabar bolup durýar.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi bu mesele bilen bagly häzirlikçe kommentariýa bermekden saklanýar.

Talasda tertip-düzgüne gözegçilik edýän milisiýanyň işgärleri protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulanýarlar diýlip, habar berilýär.

7-nji aprelde Gyrgyzystanyň birnäçe şäherinde protest çäreleri planlaşdyrylýar.

Olarda oppozisiýa wekilleri ýurduň ýolbaşçylaryna ynamsyzlyk bildirmekçi.
XS
SM
MD
LG