Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň ýokary bilim almagy juda kynlaşdy diýlip habar berilýär. Munuň esasy sebäpleri: Sowet döwri bilen deňeşdirilende, garaşsyz Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna has az okuwçy alynýanlygy, bu ulgamda korrupsiýanyň ösenligi bilen baglanyşykly diýip, synçylar aýdýarlar.

Emma Ýewropada okaýan türkmenleriň gazanýan netijelerini göreňde, eger türkmen ýaşlaryna okamaga, deňli-derejeli bilim almaga gowy mümkinçilik döredilse, onda olaryň az wagtda ýokary sepgitlere ýetip biljekdigine göz ýetirmek mümkin.

Azatlyk Radiosy Stokgolmyň Karolin Medisina institutynyň studenti, ýaňy-ýakynda Şwesiýanyň Ýaş alymlar birleşiginiň başlygy saýlanan Gunça bilen bu ugurdan ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Gunça, ýaňy-ýakynda şwed gazetlerinde Siziň Şwesiýanyň Ýaş alymlar birleşiginiň başlygy saýlanandygyňyz habar berildi. Biz Sizi bu üstünlik bilen gutlamak isleýäris.


Gunça: Köp sag boluň!

Azatlyk Radiosy: Ýaş alymlar birleşigi baradaky soraglardan öňürti Siziň nirede okaýandygyňyzy soramakçy.

Gunça: Men Stokgolmyň Karolin Medisina institutynyň 4-nji kursunda okaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Ýaş alymlar birleşigi nähili gurama? Onuň näçeräk agzasy bar?

Gunça: Şwesiýanyň Ýaş alymlar birlesigi – bu döwletden garaşsyz, özbaşyna bir erkin birleşik. Onuň dört müň agzasy bar, olaryň hemmesem ylmyň dürli ugurlary boýunça işläp ýören ýaş alymlar.

Azatlyk Radiosy: Bu birleşigiň gurluş aýratynlygy nähili?

Gunça: Birleşigiň baş edarasy Stokgolmda ýerleşýär. Ondan başga-da, biziň ýerlerde etrap birleşmelerimiz bar.

Azatlyk Radiosy: Başlyk hökmünde Siziň wezipäňiz nämeden ybarat?

Gunça: Meniň wezipäm – bu birleşikde aýlykly hem aýlyksyz, höwesjeň hökmünde işläýän köpsanly ýaş alymlaryň işini gurnamakdan, olaryň başyny jemlemekden ybarat.

Azatlyk Radiosy: Siz bu wezipä nähili ýagdaýda saýlandyňyz?


Gunça: Men öňden bäri bu guramanyň agzasy. Soňky üç ýyldan bäri hem onuň Dolandyryşynyň agzasy. Soňky iki ýylda-da – başlygyň orunbasary bolup işledim. Şu ýylyň mart aýynda-da, Birleşigiň gurultaýynda meni başlyk saýladylar.

Azatlyk Radiosy: Siz Ýaş alymlaryň birleşiginiň aýlykly hem aýlyksyz işgärleri bar diýdiňiz. Onda Birleşigiň öz maliýe mümkinçilikleri, onuň býujeti nähili?

Gunça: Hawa, býujetimiz az däl, alty million krona ýetýär.

Azatlyk Radiosy: Ol puly Ýaş alymlar birleşigine kimler berýär?

Gunça: Ol puluň iň uly bölegini bize döwlet berýär. Bize hususy kärhanalaram goldaw hökmünde pul geçirýärler. Sebäbi şol kärhanalar biziň ylymda alyp barýan gözleglerimiz bilen gyzyklanýarlar, ýaş alymlaryň edýän açyşlarynyň geljekde özlerine peýdaly boljakdygyna, şol açyşlary ulanyp biljekdiklerine ynanýarlar.

Azatlyk Radiosy: Býujetiňiz, dogrudanam, kiçi-girim däl. Onsoň Birleşikde bu serişdeleriň ulanylyşy nähili ýola goýulýar?

Gunça: Biziň öz ýuristlerimiz, rewizorlarymyz, kontrol bölümimiz bar. Bu taýda, Swesiýada, finans işlerine gözegçilik örän gowy gurnalan, hemme zat gowy işleýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň özüňiz ýaş alym hökmünde haýsy ugurdan gözlegleri alyp barýaňyz?

Gunça: Men newrologiýa boýunça ylmy gözlegleri alyp barýan. Bu ugurdan eýýäm birnäçe ýyl bäri işleýärin. Meniň üçin esasy zat häzir tejribe toplamak. Şonuň üçinem wagt bolanda, Ýewropanyň dürli institutlarynda praktika geçýän. Mysal üçin, geçen ýyl bütin tomus men Angliýada Kembridj institutynda işledim, şol taýda medisina gözleglerini alyp bardym.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan barada näme bilýäňiz? Öz deň-duşlaryňyz bilen gatnaşygyňyz barmy?

Gunça: O diýen kän zat bilemok. Sebäbi biz o taýdan men sekiz ýaşymdakam göçüp gaýtdyk. Goňşularymyz, deň-duşlam çalaja ýadyma düşýär. Türkmenistan hakynda ejem, kakam gürrüň berýär. Türkmen ertekilerini, käbir beýleki kitaplary okap görýän.

Azatlyk Radiosy: Siz haýsy dillerde okap-ýazyp bilýäňiz?

Gunça: Esasy okaýan-ýazýan dilim şwed dili, iňlis dili hem meniň ikinji iş dilim, fransuz dilini bilýän. Türkmençäni bilýän. Orsçanam öň bilýädim, häzirem azajyk düşünýän, ýöne gepläp bilemok.

Azatlyk Radiosy: Şwesiýada okamak, ýaş alym hökmünde işlemek kynmy?


Gunça: Aňsadam däl. Bu taýda okamaga hemme gerek zatlar bar, ýöne ýaman köp okamaly bolýar. Boş wagtyň ýok diýen ýaly. Alymlyk ugrundan işlejek bolsaňam şonuň ýaly: ýaman köp okamaly, köp işlemeli, erjel bolmaly. Sebäbi bu taýda konkurensiýa gaty güýçli. Diňe köp okap hem işläp, öňe çykyp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly ýaşytdaşlaryňyza, ýaş alymlara näme aýdasyňyz gelýär?

Gunça: Meň olara üstünlik arzuw edesim gelýär. Olaram Ýaş alymlar birleşigini gursalar, gowy bolardy. Şeýtseler, men olaryň birleşigine Şwesiýanyň Ýaş alymlar birleşigi bilen dostlaşmaga, tejribe alyşmaga kömek edip bilerdim.

Azatlyk Radiosy: Gyzykly gürrüňdeşlik üçin köp sag boluň. Size öz işleriňizde mundan beýlägem uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG