Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýlygyň bahasy näçe?


Türkmenler saglygy baýlyga deňeýärler. Orän dogry deňeşdirme. Adam üçin saglykdan uly baýlyk ýok.

Türkmenistanda soňky ýigrimi ýylyň içinde örän köp hassahanalar hem saglyk öýleri guruldy. Her şäherde, her obada, her welaýatda dünýäniň ösen döwletlerindäki ýaly, örän owadan keselhanalar guruldy we gurulýar. Olar şeýle bir köp. Olaryň içi daşary ýurtlardan getirilýän, ýokary derejedäki medisina enjamlary bilen abzallaşdyrylan.

Ýurtda dünýäniň ösen döwletlerindäki derejä laýyk gelýän hassahanalaryň hem saglyk öýleriniň örän köp sanlysynyň gurulýanlygyna we gurlup ulanylmaga berlenligine seretmezden, türkmenleriň saglygy dikeltdirmekde görýän görgüleri az däl.

Birinji nobatda lukmanlaryň köpüsi örän gowşak. Nyýazowyň döwründe medisina institutyny «Ruhnama» okap gutaranlar-a asla zat bilenok. Garaşsyzlykdan öňki döwürdäki tejribeli lukmanlaryň bolsa ençemesi garrap, pensiýa gitdi, ençemesi «sokraşşeniýe» bahanasy bilen işden kowuldy, ençemesi gara spisoga düşüp, işlemesiz edildi, köpüsi režimden nägile bolup, ýurdy taşlap gitdi. Saglyk meselesine seredeniňde ýurt örän gorkunç hem howply ýagdaýda galdy.

Täze gurlan, owadan keselhanalarda akja hem gökje halat, başgap geýen, lukman gelinlerdir gyzlar eýläk-beýläk geçýärler. Ýaş ýigitler epeý-epeý basyşyp, näsaglaryň halyndan habar alýarlar. Ine, şunuň bilenem ähli iş tamamlanýar. Tejribesizlik bildirýär.

Iň bir ýönekeýje zady bilmän duran ýaşajyk lukmanlar-da kän. Nädogry goýulýan diagnozlar sebäpli, nädogry bejergiler sebäpli ýogalýanlaryň bolsa bäri-aňyrsy ýok. Iň gynandyrýan ýeri hem gutulmajagyňy bilip durkaň hem ummasyz pul tölemeli. Däri-dermanlar almak üçin çykarylýan puly, lukmana berilýän puly hasaplasaň, bejerginiň her gününe iki ýüz manada golaý pul çykýar. Bu bolsa ýetmiş dollar bolýar. Işsiz hem az aýlykly işlerde işleýänler üçin bu pul örän uly pul.

«Näsagyň ätiýaçlandyryş pasporty» diýen pasporty alanlar üçin kesel bejertmegiň arzan boljakdygyny söz berip, bu pasporty edinmegi işleýänleriň hemmesiniň boýnuna dakdylar. Ýöne bu pasportdan ýeňillik örän az. Bu - medisina ätiýaçlandyryşy diýilýän pasportyň keselhananyň jaýyna tölegde hem-de lukmana tölemeli pursatda puly birneme azrak tölemäge kömegi bar. Däri-dermanlara bu medisina ätiýaçlandyryşynyň haýry ýok. Näsag dermanlary doly bahasyndan satyn almaly. Operasiýa etmek, gan satyn almak has-da gymmat.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG