Sepleriň elýeterliligi

Eýranda 35 žurnalistiň tussagdygy aýdylýar


Žurnalistleri goramak baradaky komitet Eýranda azyndan 35 žurnalistiň türmede saklanýadygyny aýdýar.

Gurama ol žurnalistleriň köpüsiniň etmedik günäsini, şol sanda ölüm jezasyny berip boljak jenaýatlary boýun almagy üçin yzygider fiziki hem psihologiki basyşa sezewar edilýändigini aýtdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet türmedäki žurnalistlerden başga, ýene 18 žurnalistiň Eýran täze ýyly mynasybetli gysga wagtlyk azat edilendigini we olaryň türmä dolanyp gelmelidigini aýdýar.

Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň direktory Jol Simon özleriniň bu ýagdaýy ýakyedan synlamagy dowam etdirjeklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG