Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň başlygy Gazagystanda doly ýadro ýaragsyzlanyşygyna çagyrýar


BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun dünýä liderlerini Gazagystandan görelde almaga hem-de «ýadro ýaraglaryndan azat dünýä baradaky ymtylyşy we arzuwy durmuşa geçirmäge» çagyrdy.

Ol Merkezi Aziýa eden bir hepdelik saparynyň ahyrynda ozal ýadro ýaraglarynyň synag edilen ýeri bolan Semipalatinskiniň üstünden uçup geçdi.

Ban bu ýerde 450 çemesi atom hem wodorod bombasynyň partladylandygy we adamlara hem tebigata ýeten aýylganç zyýan hakynda gürrüň etdi.

Ban amerikan prezidenti Barak Obamany hem onuň rus kärdeşi Dmitriý Medwedewi 4-nji gün Pragada ýadro ýaraglaryny azaltmak baradaky täze şertnama gol çekenlerinde «hakyky täze başlangyç» etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG