Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Karzaýa ýaranlygy gowşatmazlyk barada duýduryş berýär


NATO owgan prezidenti Hamid Karzaýa ýaranlygyň Owganystandaky tagallaryna jemgyýetçilik goldawyny gowşatmazlyk barada duýduryş berdi.

NATO-nyň sözçüsi Jeýms Appaturaý halkara jemgyetçiligi we NATO owgan halkyny terrorizme garşy goldamakda gaty uly tagalla edýär we pida berýär diýdi.

Ol «Biz munuň owgan halky tarapyndan, şol sanda iň ýokary derejelerde ykrar edilmegini umyt edýäris we şoňa garaşýarys» diýdi.

Bu beýanat Karzaýyň golaýda owgan parlamentinde aýdan sözleri bilen bagly. Ol Birleşen Ştatlar owgan işlerine gatyşýar we Amerika bu gatyşmasyny dowam etse, Talyban kanuny garşy duruş hereketine öwrüler diýipdi.
XS
SM
MD
LG