Sepleriň elýeterliligi

Ban Özbegistanyň ýer minalarynyň kabul ederlik däldigini aýdýar


BMG-niň baş sekrtary Ban Ki-mun Özbegistanyň öz serhet ýakalarynda ýer minalaryny goýmagyny tankyt etdi.

Ban munuň örän gynançly, düýpden kabul edip bolmajak ýagdaýdygyny, beýle minalardan köp adamyň heläk boljagyny aýtdy.

Özbek hökümeti on ýyl mundan öň Gyrgyzystan we Täjigistan bilen serhetlerinde müňlerçe mina gömdi we bu minalar asuda ilaty öldürmegini we maýyp etmegini dowam etdirýär.

Ban Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň dowamynda sebitiň hökümetlerini adam hukuklarynyň goralyşyny we söz azatlygyny ilerletmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG