Sepleriň elýeterliligi

Eýran Orsýetiň raketa gorag sistemasyny satmagy üçin basyş edýär


Eýran Orsýete yslam respublikasynyň ýadro künjeklerine howa zarbasy urlanda gorap biljek raketa gorag sistemasynyň söwdasyny çaltlaşdyrmak barada basyş etdi.

Waşington Moskwanyň Tährana S-300 uçara garşy sistemany bermezligini isleýär.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ramin Mehmanparast žurnalistlere Eýran Orsýetiň beýleki ýurtlaryň täsirine düşmezligine garaşýar diýdi.

Birleşen Ştatlar Eýrana garşy BMG tarapyndan teklip edilýän täze sanksiýalary Orsýetiň hem goldamagyny isleýär.

Günbatar ýurtlary Eýran öz ýadro programmasyny bomba ýasamak üçin ulanýandyr öýdýärler.

Eýran öz programmasynyň parahatçylykly maksatlydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG