Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystandaky protestler gazaply hereketlere ýazdy


Gyrgyzystandan gelip gowuşýan habarlarda hökümete garşy protestler gazaply hereketlere ýazansoň, prezident Kurmanbek Bakyýewiň Bişkekde we başga-da üç regionda adatdan daşary ýagdaýy yglan edenligi aýdylýar.

Bişkekde polisiýa işgärleri bilen protestçi märekä degişli käbir adamlaryň arasynda turan atyşykda azyndan 30 adamyň ölenligi habar berildi.

Protestçiler Bakyýewiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.

Şu gün irden häkimiýetler esasy oppozision partiýanyň edarasynyň öňüne ýygnanan märekäni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Talasda ýerli polisiýa edarasynyň öňünde protestçileriň içeri işler ministri Moldomusa Kongantyýew bilen welaýat häkimi Beýşen Bolotbekowy ýenjendiklerini özüniň görendigini habar berdi. Protestçiler Talasda hökümet jaýyny basyp alanlaryndan soň, içeri işler ministri ol ýere gidipdi.

Naryn şäherinde hem sany müňden ýokary diýlip görkezilýän protestçiler häkimligi basyp aldylar. Protestçileriň başga şäherlerde-de hökümet jaýlaryny eýeländikleri aýdylýar.

Habarlara görä, ilki başda tanymal oppozision şahsyýetler Almaz Atambaýew bilen Ömürbek Tekebaýew tutulypdyrlar.

Şu gün parlamentde gürlän premýer-ministr Daniýar Usenow tutulan iki oppozision ýolbaşçynyň ýurtda häkimiýeti eýelemäge synanyşýandyklaryny boýun alandyklaryny aýdypdy.

“Biz düýn Ata Mekan partiýasy bilen Birleşen Halk Hereketiniň birnäçe ýolbaşçysyny tussag etmeli diýen karara geldik. Aýratyn-da jenap Artykow bilen jenap Çotonow özleriniň Oşda häkimiýeti ele geçirmäge synanyşýandyklaryny boýun aldylar” diýip, Usenow aýtdy.

Soňra oppozision lider Isa Ömerkulow howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilen oppozisiýa liderleriniň ählisiniň azat edilenligini habar berdi.

Ýene bir oppozision ýolbaşçy, öňki daşary işler ministri Roza Otunbaýewanyň şol wagt gizlenýändigi bildirildi.

Adyny aýtmakdan saklanan bir bişkekli protestçi zenan oppozisiýanyň Otunbaýewany gizläp saklaýandygyny aýdypdy: “Biz indi oppozision ýolbaşçy Roza Otunbaýewany gizlemeli bolduk. Sebäbi şu wagt Gyrgyzystanyň konstitusiýasynyň ähli prinsiplerini bozýan häkimiýetleriň özleri”.
XS
SM
MD
LG