Sepleriň elýeterliligi

Halkara jemgyýetçiligi gyrgyzlary köşeşmäge çagyrýar


BMG-nyň Baş sekretary Ban Ki Mun Gyrgyzystanda dowam edýän dartgynlykdaky adam pidalary babatda özüniň serpmeden gaýdan ýaly bolanlygyny aýtdy.

Hökümete garşy gurnalýan şol protestlere gatnaşyjylar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 30 adamyň ölüp, 180 adamyň hem ýaralananlygy aýdylýar.

Ýaňy-ýakynda regiona sapar eden Ban gyrgyzlary köşeşmäge we düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmäge çagyrdy.

ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça wekili Katrin Aşton hem Gyrgyzystanda dowam edýän dartgynlygyň özüni alada goýýanlygyny belläp, ähli taraplary köşeşmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Goranmak sekretarlygynyň metbugat wekili Gyrgyzystanda dowam edýän bu dartgynlyklara Pentagonyň ýakyndan syn edýänligini aýtdy.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin hem bu barada sözlän sözünde ýurtda dowam edýän dartgynlygyň özüni alada goýýanlygyny belläp, gyrgyzlary köşeşmäge çagyrdy.

Ady agzalýan liderleriň çagyryşlaryndan soň oppozisiýa ýolbaşçylary prezident Kurmanbek Bakyýewi häkimiýet başyndan çekilmäge çagyrdylar.

Oppozisiýa ýurtda wagtlaýyn hökümetiň guruljakdygyny hem yglan etdi. Bu baradaky beýanat tussag edilen oppozision liderleriň boşadylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Şol bir wagtyň özünde protestçileriň parlament binasyny hem basyp alanlygy we prokuraturanyň edasyndan hem tüsse çykýanlygy aýdylýar.

Mundan ozal gazaply protestçiler döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän iki telekanalyň jaýyny basyp alandan soň, ýurtdaky ähli telekanallaryň gepleşikleriniň ýatyrylanlygy habar berildi.

Protestçiler prezident Bakyýewiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler. Bakyýew bolsa şu gün paýtagt Bişekde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Bakyýewiň metbugat wekili adatdan daşary ýagdaýyň Gyrgyzystanyň Naryn, Talas we Çuiskaýa şäherlerinde hem yglan ediljekdigini aýtdy.

Gyrgyz wekiliniň aýtmagyna görä, ady agzalýan şäherlerde ýerli wagt bilen gije sagat 10-dan başlap daňdan 6-a çenli komendant sagady bolar.

Şol bir wagtyň özünde oppozision lider Isa Ömerkulow howpsuzlyk güýçler tarapyndan tussag edilen oppozision liderleriň ählisiniň azat edilenligini habar berdi.
XS
SM
MD
LG