Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan Owganystana 750 esger iberýär


Gürjüstan şu aý Owganystana 750 esger iberýär.

Gürjüstanyň Goranmak ministrligi ol esgerleriň Owganystanyň Helmand welaýatyndaky amerikan deňiz goşunlary bilen bile gulluk etjegini aýtdy.

Gürjüstan öz wagtynda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky Yrak operasiýalaryna hem saldamly goşant goşupdy, ýagny 2000 gürji esgeri 2008-nji ýyla çenli Yrakda, Eýran serhetine golaý ýerde gulluk edipdi.
XS
SM
MD
LG