Sepleriň elýeterliligi

Medwedew ÝB-niň orsýetlilere wizany ýatyrmalydygyny aýdýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ÝB rus raýatlary üçin wiza talaplaryny ýatyrmaly diýýär.

Ol ÝB we Orsýet biznesde çynlakaý partner bolsa, onda olar wiza düzgünlerini üýtgetmeli diýdi.

Medwedew bu sözleri bosniýaly syýasatçylaryň wiza baradaky beýanatyndan soň aýtdy. Olar ÝB-niň Ýewropa syýahat edýän bosniýalylar üçin iýun aýyndan wiza düzgünini ýatyrjakdygyny aýdýarlar.

Bu kararyň iýun aýynda Saraewada geçjek ÝB-Balkan sammitinde yglan ediljegi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG