Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda oppozisiýa häkimiýet başyna geçdi


Gyrgyzystanyň oppozisiýasy 7-nji aprelde protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklardan soň parlamenti dargadyp, hökümeti öz gözegçiligine alanlygyny yglan etdi.

Oppozision lider Roza Otunbaýewa ýerine ýetiriji hökümete özüniň ýolbaşçylyk edýänligini we täze konstitusiýa tassyklanýança geljek alty aý möhlet boýunça wagtlaýyn hökümeti özüniň dolandyrjakdygyny aýtdy.

“Biz geçiji hökümet hökmünde prezidentiň we parlamentiň wezipesini özümiz ýerine ýetirip, hökümeti özümiz dolandyrarys. Biz ýurtda güýji öz elimize alarys” diýip, Otunbaýewa aýtdy.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň web sahypasynda çap edilen maglumatda aýdylşyna görä, Putin şu gün Otunbaýewa bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdyr.

Prezident Kurmanbek Bakyýewiň bolsa paýtagt Bişkegi terk edip, ýurduň günortasyna gidenligi aýdylýar. Otunbaýewa Bakyýewiň öz pozisiýasyny goramak üçin halk tarapyndan goldaw almaga synanyşýanlygyny belledi.

Bakyýewiň nirededigi häzirlikçe anyk däl. Emma Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Orsýetden gowuşýan maglumatlara görä, ol öz tarapdarlarynyň merkezi diýlip hasaplanýan Oşa barypdyr.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi tarapyndan ýaýradylan iň soňky maglumata görä, çarşenbe güni bolan çaknyşyklarda ölenleriň sany 75 adama ýetipdir. Otunbaýewa ölenleriň sanynyň 100-e barýandygyny öňe sürýär.

Düýnki bolan çaknyşyklarda Bişkekde ýerleşýän hökümet binalary, muzeýler, dükanlar bilen bir hatarda Bakyýewiň maşgalasynyň öýi hem talandy.
XS
SM
MD
LG