Sepleriň elýeterliligi

"ÝB diňe gaz satmak üçin möhüm däl"


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Lýuksemburgyň wise-premýeri we daşary işleri ministri Jean Asselborn bilen duşuşýar, Aşgabat, 29-njy mart, 2010-njy ýyl. (Suratyň hukuklary Ministère des Affaires Etrangères edarasyna degişli.)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Lýuksemburgyň wise-premýeri we daşary işleri ministri Jean Asselborn bilen duşuşýar, Aşgabat, 29-njy mart, 2010-njy ýyl. (Suratyň hukuklary Ministère des Affaires Etrangères edarasyna degişli.)

Lýuksemburg ÝB-niň düýbüni tutan ýurtlardan biri bolup, ol territoriýasynyň kiçiligine garamazdan, Ýewropada sýyasy taýdan gaty aktiw ýurtlardan biri. Bu ýurduň wise-premýeri we daşary işleri ministri Jean Asselborn ýakynda Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana sapar etdi.

Şol ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir jenap Jean Asselborn bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Asselborn, siz geçen hepde regiona sapar etdiňiz, Türkmenistan bilen bir hatarda Özbegistana we Gyrgyzystana-da bardyňyz, saparyňyzyň maksady barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Jean Asselborn
Jean Asselborn:
Bu sapar iki tapgyrdan ybaratdy. Birinji tapgyrynda Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlara ýagny Türkmenistana, Gyrgyzystana we Özbegistana bardym. Saparyň ikinji tapgyrynda bolsa Hytaýda, Urumçy, Pekin we Şanhaý ýaly şäherlerde duşuşyklar geçirdik. Pekinde Hytaýyň daşary işler ministri bilen duşuşmaga pursat tapdym.

ÝB-niň 2007-nji ýylda Merkezi Aziýa boýunça kabul eden strategiýasyndan soň ÝB hökmünde biziň üçin bu regionda ýerleşýän bäş ýurt bilen syýasy gepleşikler geçirmeklik möhümdir.

Territoriýasy taýdan Gazagystan olaryň arasynda iň ulusy, Özbegistan bolsa ilatynyň sany taýdan uly bir ýurt, Özbegistanyň 28 milion ilaty bar. Türkmenistan, Gyrgyzystan we Täjigistan hem möhüm. Men şol ýurtlardan üçüsinde boldum. Öň Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolan bu region, häzirki döwürde, Hytaýyň, Eýranyň, Orsýetiň we belli bir derejede sýyasy taýdan Hindistanyň aralygynda ýerleşýär.

Emma ÝB hem şol region üçin möhüm bolup galýar. Diňe gaz satmak üçin däl, belkem ÝB adam hukuklary we kanunyň rüstemligi ýaly ugurlardan görelde alnyp bilinjek bileleşik.

Hytaý bilen ÝB-niň aragatnaşygy barada aýdylanda, Hytaý bu bileleşige girýän islendik ýurduň ykdysadyýetinde uly rol oýnaýar. Bu ýurt bilen geçirilýän gepleşiklerde syýasy ugur bilen bir hatarda biziň üçin adam hukuklary hem esasy temalardan biri bolmaklygyna galýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen mediýasynda Size salgylanylyp çap edilen bir habar gözüme ildi, şonda siz ÝB-niň türkmen gazyna bil baglaýanlygyny aýdypsyzyňyz. Bu ugurda geçirilen gepleşikler hakda dolurak maglumat berip biljekmi?


Jean Asselborn: Men Türkmenistanda daşary işler ministri Raşid Meredow we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdym. Aşgabat barada aýdylanda, iki zat göze ilýär. Birinjisi, gaz möhüm bir tema. Men Türkmenistanyň diňe Orsýete we Hytaýa däl, ÝB-da gaz satmak bilen gyzyklanýanlygyna göz ýetirdim. Türkmenistanyň ÝB we Ýewropa ýurtlary bilen ykdysady taýdan berk aragatnaşyk gurmak islegi bar. Men öz nobatymda olara “Wenesiýa Komissiasynyň” tekliplerine üns bermegini-de maslahat berdim. Bu komissiýa diňe adam hukuklary ýa kanunyň rüstemligi ýaly meselelere gönükdürilen bir çäre däldir.

Gyrgyzystan barada gürrüň edilende, bu ýurduň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatadşlyk guramasy, ýagny ÝHHG bilen aragatnaşygy güýçlendirmegi gaty möhümdir. Sebäbi ÝHHG-niň Bişkekde uly edarasy bar. Şol ýerde 180 adam işleýär.

Demokratik reformalar barada orta atan pikirlerime olar “Siz aýtsaňyz aýdyberiň, bu bizi gyzyklandyranok” diýen ýaly äheňde jogap bermediler, belkem, meniň pikirim bilen gyzyklanandyrlar, bu ugurda olar ýuwaş-ýuwaşdan özgerişleriň amala aşyrylmagynyň tarapdary.

Şeýle-de adam hukuklary we kanunuň rüstemligi ýaly meseleler hakda gürrüň edilende, bu tema boýunça regiondaky ýurtlaryň garaýşy bilen ÝB-niň garaýyşynyň arasynda uly tapawut bar. Şol bir wagtyň özünde-de Merkezi Aziýada ýerleşýän bu ýurtlar 20 ýyldan bäri garaşsyz, biz olary özbaşyna goýup bilmeris. Biz olara kömek etmeli. Şonuň üçin men olara mydama ÝB-niň hödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanmagy maslahat berýärin. Men bu pikiri türkmen ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygymda-da öňe sürdüm.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň ÝB-ne gaz satmaga isleg bildirýänligini aýtdyňyz, siz bu ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryňyzda adam hukuklary barada hem gürrüň etdiňizmi?


Jean Asselborn: Ilki bilen biz ÝB hökmünde türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça haysy kanaldan peýdalanmaly diýlen meselede anyk karara gelmeli. Bu gaz “Nabukko” arkalymy, ýogsa-da “Günorta akym” ýa başga bir kanal arkaly Ýewropa akdyrylmaly? Biz bu barada karara gelmeli, meniň pikirimçe, bu biziň jogapkärçiligimizdir.

Siziň berýan soragyňyz ýerlikli, emma haçanda ykdysady aragatnaşyklar artsa, şol ýurtlar bilen adam hukuklary boýunça has düýpli gepleşikler geçirmäge mümkinçilikler dörär. Eger şol ýurtlar bilen ykdysady aragatnaşygymyz bolmasa we bu barada isleg hem bildirilmese, onda bu tema barada has düýpli diskussiýa geçirmek gaty kyn bolar.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen gazyny Hazaryň üstünden ýa astyndan Ýewropa nähili akdyrmagy planlaşdyrýarsyňyz?

Jean Asselborn: Men bu barada anyk pozisiýany orta atmak islämok, sebäbi ÝB-niň bu barada takyk pozisiýasy ýok. Siziň-de bilişiňiz ýaly, bu barada ençeme beýleki elementler, şol sanda Orsýet bilen aragatnaşyklaryň hili hem möhümdir. Men Türkmenistanyň prezidenti bilen geçiren duşuşygymda hem-de Ýewropa liderleriniň öňünde edýän çykyşlarymda bu barada Bruýsseliň anyk karar kabul etmeginiň zerurdygyny aýdyp gelýärin.

“Bu gazy biz “Nabukko” arkalymy, ýogsa-da “Günorta akym” proýekti arkaly ýa-da olaryň ikisiniňem üsti bilen Ýewropa akdyrmalymy?” diýlen meselede karara gelmeklik biziň borjumyz. Men bu ugurda şu ýylyň dowamynda karara gelinjekdigine umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siziň sözleriňizden, meniň düşünişime görä, Brýusseliň türkmen gazynynyň Ýewropa nähili we haýsy proýekt arkaly akdyryljakdygy hakda takyk plany ýok, şeýlemi?

Jean Asselborn: Biziň Türkmen gazyny almak barada planymyz bar, emma bu barada bilelikde iş alyp barmak üçin haýsy uguryň amatly boljakdygyny bilemzok. Türkmen gazy Orsýetiň üsti bilen bireýýam Ýewropa akýar, muny hemmämiz bilýäris. Emma Türkmenistandan göni gaz almak barada aýdylanda, biz anyk karara gelmeli.

Azatlyk Radiosy: Orsýet tarapyndan goldanylýan “Günorta akym” ýa “Demirgazyk akym” ýaly proýektler barada siz nähili pikirde, olary goldaýarsyňyzmy?

Jean Asselborn: Meniň pikirimçe, bu proýektler barada problema ýok. “Demirgazyk akym” barada aýdylanda, zerur rugsatlar berildi, bu gaz geçiriji bilen bagly gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle-de tranzit ýurdy bolan Ukraina bilen hem şu ýyldan bäri aragatnaşygymyz gowulaşdy, bu ugurda ösüşler bar. Biz diňe bir gaz geçirijä ýa diňe bir ýurduň gazynyň çeşmegine bil baglamaly däl. Meniň şahsy pikirime görä, biz diňe demirgazykda däl, günorta-da ýerleşýän gaz geçirijilerine-de üns bermeli.

Azatlyk Radiosy: Siz Gyrgyzystanda-da bolduňyz, bu ýurduň syýasy ýagdaýlary hakda näme aýdyp biljek?

Jean Asselborn: Özbegistandan Gyrgyzystana barsaňyz, bu ýurtda esasy meseläniň gaz däl, suwdugyna göz ýetirýärsiň. Olar bu baradaky oňşuksyzlygy özara gepleşikler arkaly çözmek isleýänliklerini aýtdylar.

Siziň-de bilişiňiz ýaly, Gyrgyzystanyň nebiti ýa gazy ýok, olaryň suwy bar. Suw möhümmi ýa-da gaz? Bu barada bir zat aýdyp biljek däl, emma suw bolmadyk ýerde durmuş ýok. Özbegistanyň pagta meýdanlarynyň giňligi gaty uly, olaryň ekerançylyk üçin suwa aşa mätäçligi bar. Özbekler maňa pagta meýdanlarynyň möçberini azaltmaga synanyşýanlyklaryny aýtdylar. Aral deňzi bilen bagly problemanyň bardygyny-da bilýäris, bu gaty ullakan mesele, sowet döwründe elektrik toguna derek şol ýurtlar beýlekisine suw berenmiş. Häzirki döwürde bu düzgün ýatyryldy.

Meniň pikirimçe, bu ýurtlar suw baradaky ylalaşmazlygyna çözgüt tapmaly, bu mesele boýunça Gyrgyzystan bilen Täjigistan bir hörpden we Gazagystan,Türkmenistan we Özbegistan bolsa başga hörpden gopýar. Men şol ýurtlarda bolanymda, bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýeterlik däldigini we munuň hasam artdyrylmagynyň zerurdygyny aýtdym.

Eger Merkezi Aziýa öz bähbidini gorap çykyş etmek isleýän bolsa, öz ugruny, öz syýasatyny özi kesgitlemek isleýän bolsa, onda şol ýurtlar biri-birine has ýakynlaşmaly. Suw bilen bagly problemany çözmeli we energiýa barada hem tutuş regionyň bähbidine laýyk geläýjek usulda syýasat alnyp barylmaly.

Türkmenistanyň demirgazygynda Orsýet bar, ol gaty ullakan ýurt, günortasynda Hytaý we Hindistan bar. Şunlukda Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny artdyrmakdan we biri-birine ýakynlaşmakdan başga çykalgasy ýok.

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça syýasaty barada gürrüň edilende-de, şol region bolsun ýa Afrikada ýa Latyn Amerikada ýerleşýän ýurtlar, biz integrirlenen regionlar bilen aragatnaşyk gurmak isleýäris.

Daşary işler ministrleri bilen geçiren duşuşyklarymyň mende galdyran täsiri barada aýdylanda, olar hem sýyasy taýdan Moskwanyň ýa beýleki bir regionyň Merkezi Aziýa agalyk etmegini islanoklar, olar regionyň güýçlenmegini isleýärler.

Azatlyk Radiosy: Regionda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy artdyrmak bilen bir hatarda siz şol ýurtlaryň wekilleri bilen sýyasy we adam hukuklary ýaly meseleler hakda hem pikir alşan bolmaly. Gyrgyzystan barada aýdylanda, soňky döwürlerde şol ýurtda garaşsyz metbugata we syýasy aktiwistlere edilýän basyşlar barha artdyryldy, eýsem bu ýurt demokratik reformalardan ýüzüni öwürdi diýip bolarmy?

Jean Asselborn: Men bu mesele hakda gyrgyzystanly kärdeşim bilen giňişleýin gepleşikler geçirdim. Men Gyrgyzystanyň prezidenti bilen duşuşanymda, onuň bilen hem bu barada pikir alyşdym. Men Gyrgyz ýolbaşçysyna “Wenesiýa Kommissiýasy” bilen hyzmatdaşlygy artdyrmagy maslahat berdim.

Beýleki ýurtlar bilen deňeştirilende, Gyrgyzystanyň bir aýratynlygy bar. Bu ýurtda hökümete degişli bolmadyk müňlerçe gurama bar. Graždan jemgyýetçiligi gaty aktiw. Bu sektor bilen gaty gyzyklanylýar. Bişkegi Aşgabat ýa Daşkent bilen deňeşdirmek mümkin däl.

Metbugatyň ýagdaýy barada bolup geçýän wakalar hakda gürrüň etsek, men ÝB agza ýurtlardan biriniň daşary işler ministri hökmünde öz gyrgyz kärdeşime siz ýalňyş ädimleri ätmeseňiz, aragatnaşygymyzy öser diýdim. Men oňa ýurtda kanunuň rüstemligini, metbugat we söz azatlygyna goýulýan sarpanyň artdyrylmagyny maslahat berdim. Olaryň bu masalahatlara gapma-garşy ädimler ätjekdigini aýtmaga mende esas ýok.

Meniň yz ýanymdan şol regiona BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun bardy. Elbetde, bu ýurtda käbir kynçylyklar bar. 2005-nji ýylda bu ýurt bilen bagly gaty uly umytlar peýda bolupdy. Emma men ähli umytlaryň puja çykanlygyny we pursatlaryň ählisiniň ýitirilenligini aýdyp biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Siz bu ýurtda yza gaýdyşlygyň bardygyny aýdyp biljekmi? Bu soraga mümkin bolsa, has takygrak jogap bermegiňizi haýyş edýärin?

Jean Asselborn: Men siziň bu soragyňyza "hawa" ýa "ýok" diýip jogap berip biljek däl. Men bu ugurda ÝHHG-niň Bişkekdäki wekili bilen gepleşmegiňizi maslahat berýärin, ol Gyrgyzystan boýunça käbir ugurlarda henizem optimistik pikirdedigini aýdýar.

Bu ýurtda reformalaryň gaty haýal işleýänligini aýtsa bolar, emma yza gaýdyşlykdan saklanmak gerek. Biz Gyrgyzystanda şeýle ýagdaýyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin özara gatnaşygymyzda, şeýle-de ÝB arkaly alnyp barylýan syýasatymyzyň çäginde bu ugurda tagalla etmeli.

Azatlyk Radiosy: Özbegistanda bolanyňyzda, adam hukuklary baradaky meseläni gozgamaga pursatyňyz boldumy? Bu barada-da köp alada edilýär.

Jean Asselborn: Ýok, serediň, umuman aýdylanda, gepleşikler iki derejeden, ýagny iki tapgyrdan ybarat bolýar. Olaryň biri gepleşikleriň gizlin we beýlekisi-de halk köpçüligine aýan edilýän bölegi.

Men şol ýurtlaryň ählisinde-de adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagynyň we kanunyň rüstemliginiň ýaýbaňlandyrylmagynyň zerurdygyny ýatlatdym. Şeýle-de syýasy gepleşikleriň hem dowam etdirilmelidigini belledim. Bu meniň syýasy pozisiýamdy.

Gepleşigimiziň beýleki tapgyrynda men olary gowy ýola düşmäge yrmaga çalyşdym.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG