Sepleriň elýeterliligi

ABŞ we Orsýet START ylalaşygyna gol çekişdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama şu gün Pragada öz ýurtlarynyň ýadro arsenallaryny kemeltmek baradaky täze ylalaşyga gol çekdiler.

Täze START şertnamasynyna gol çekilmegi prezident Barak Obamanyň dünýäni atom ýaraglaryndan saplamaly diýýän arzuwyny amala aşyrmaga tarap ädilen bir ädim, şol bir wagtyň özünde-de onuň daşary syýasatda gazanan ilkinji möhüm üstünligi bolup durýar.

Amerikan prezidenti öten aý bu barada gelnen ylalaşyga salgylanyp: “Bu şertnama Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň beýlekilere görelde bolmaklygyň başyny başlandygyny görkezýär” diýdi.

Obama “Dünýäni atom ýaraglaryndan saplamak arzuwy bu ýakyn gelejekde başa barmaz. Ýöne men bu ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüni almagy, ýadro materialynyň terroristleriň eline düşmek howpuny azaltmagy, ýadro ýaraglarynyň sanyny çäklendirmegi maksat edindim. Orsýet bilen strategik ýaraglaryň sanyny çäklendirmek baradaky täze şertnama hakda giden gepleşikler bu tagallanyň esasy bölegi bolup durýardy” diýdi.

Aslynda Obama bu şertnama öten dekabrda gol çekişmegi umyt edipdi. Ýöne Moskwa täze talaplar goýmak bilen bu işi dört aý yza süýşürdi. Iň soňunda hem Orsýetiň daşary işleri ministri Sergeý Lawrow: “Täze şertanama ýaragsyzlanmak we atom ýaraglarynyň ýaýramazlygy baradaky Orsýet-Amerikan hyzmatdaşylygyny ýokary derejä göterýär. Ol täze strategik we harby gatnaşyklara esas bolup hyzmat edip, iki taraplaýyn hem global howpsuzlygy güýçlendirýär. Şeýle hem Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde ösmegi üçin täze mümkinçilikler döredýär” diýip, gelnen ylalaşygy öwdi.

“Syýasat üçin has ähmiýetli”

Analizçiler: “Bu şertnama howpsuzlyga garanda, syýasat üçin has ähmiýetli” diýýärler.

Harby ekspert Aleksandr Goltsyň pikiriçe, onda iki tarapdan-da kemeldilmeli diýip talap edilýän atom ýaraglarynyň sany köp däl. Ýöne bu taraplaryň arasynda birek-birege ynam döretmek üçin bir çäredir.

“Bu Owganystan ýa Eýran barada hyzmatdaşlyk ýa-da iki tarapa-da bähbitli beýleki ugurlarda we çynlakaý howpsuzlyk meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döredýär” diýip, Golts aýdýar.

Daşary syýasat boýunça ekspert George Mirski hem täze ylalaşyk Moskwada Amerika garşy bolýan propagandalary häzirlikçe köşedip, gatnaşyklaryň äheňini üýtgeder diýip çaklaýar.

“Amerikan halkyna garşy, Amerikany tüýs ýürekden ýigrenýän adamlara halka ähli zatda Birleşen Ştatlar günäkär diýip öwretmek indi aňsat düşmez” diýip, Mirski aýdýar

Mirskiniň pikiriçe, bu günki gol çekişlik gatnaşyklaryň ýagdaýyny üýtgetse-de, iki tarapyň arasyndaky güýç deňagramlygyna we gatnaşyklaryň özenine onçakly täsir etmez.
XS
SM
MD
LG