Sepleriň elýeterliligi

Bakyýew wezipesinden çekilmejekdigini aýdýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew wezipesinden çekilmejekdigini aýtdy. Bu habary ýerli K+ telekanaly Bakyýewe salgylanyp şu gün ýaýratdy.

Bakyýew tarapyndan ýaýradylanlygy aýdylýan şol beýanatda soňky döwürlerde Gyrgyzystanda bolan bulagaýçylyklar boýunça ol oppozisiýasyny aýyplady.

Bakyýew tarapyndan ýaýradylanlygy aýdylýan bu beýanaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady. K + bu beýanatyň olara e-mail arkaly ýetirilenligini habar berýär.

Bu beýanat 7-nji aprelde protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklardan soň oppozisiýanyň parlamenti dargadyp, hökümeti öz gözegçiligine alanlygyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Oppozision lideri Roza Otunbaýewa ýerine ýetiriji hökümete özüniň ýolbaşçylyk edýänligini we täze konstitusiýa tassyklanýança geljek alty aý möhlet boýunça wagtlaýyn hökümeti özüniň dolandyrjakdygyny aýtdy.

Prezident Kurmanbek Bakyýewiň bolsa paýtagt Bişkegi terk edip, ýurduň günortasyna gidenligi aýdylýar. Otunbaýewa onuň öz pozisiýasyny goramak üçin halk tarapyndan goldaw almaga synanyşýanlygyny öňe sürdi.

Bakyýewiň nirededigi häzirlikçe anyk däl. Emma Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Orsýetden gowuşýan maglumatlara görä, ol öz tarapdarlarynyň merkezi diýlip hasaplanýan Oşa barypdyr.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi tarapyndan ýaýradylan iň soňky maglumata görä, çarşenbe güni bolan çaknyşyklarda ölenleriň sany 75 adama barypdyr. Otunbaýewa ölenleriň sanynyň 100-e barýanlygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG