Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystandaky waka Aşgabady alada goýdy


Gyrgyzystandaky bolup geçýän wakalar türkmen häkimiýetlerini alada goýana meňzeýär.

Soňky birki günüň dowamynda Aşgabadyň köçelerinde, ilatyň üýşýän ýerlerinde polisiýanyň wekilleridir döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri adatdakysyndan köp görnüp ugrady. Häkimýetiň bu wekilleri gijelerine hem paýtagtyň asudalygyna gözegçilik etmegini dowam etdirýärler.

Şuňa meňzeş ýagdaý 2005-nji ýyldaky gyrgyz rewolýusiýasynda-da bolupdy. Şol döwürde ýurduň ozalky prezidenti S.Nyýazow telewideniýede çykyş edeninde Gyrgyzystandaky bolan waka hakda öz şahsy pikirini beýan edipdi hem-de Türkmenistanda tertip-düzgüne gözegçilik edilmegini golastyndakylara tabşyrypdy.

Şondan soň, hatda bilim işgärleridir lukmanlara çenli paýtagtdaky polisiýanyň daýanç nokatlarynda gezek-gezegine nobatçylyk etmek tabşyrylypdy.

Ýerli intelligensiya wekilleriniň garaýşyça, türkmen häkimiýetleri Gyrgyzystandaky wakanyň özlerinde-de gaýtalanaýmagyndan sözüň doly manysynda çekinýär. Munuň esasy sebäbini täzelikde paýtagtyň merkezinde hem-de eteklerinde ilatyň jaýlarynyň ýykylyp başlanmagy bilen hem düşündirýärler.

2006-njy ýylda Saparmyrat Nyýazow aradan çykanynda halkyň öý ýykylma meselesinde bosup çykaýmagyndan häkimiýetdäkileriň gaty howatyr edýändiklerini duýmak boldy.

Şol döwür Aşgabadyň Mir-Aýtakow köçelerinde hususyýetçilere degişli bolan üç gatly jaýlar ýykylmaga degişli edilipdi. Nyýazow aradan çykansoň, iki günden soň, şol jaýlaryň tutuş daşyna ýaşyl örtgi örtüldi. Bu örtgi jaýlaryň käbir ýumrulan ýerlerini köpüň gözünden bukýardy. Emma saýlawlar geçensoň welin, ol jaýlar ýene-de ýykyldy.

Ýerli synçylaryň garaýşyça, Gyrgyzystandaky wakalaryň öz ýurtlarynda hem ýüze çykmagyndan türkmen häkimiýetlerine howatyr etmäge ýene-de bir esas bar. Ol esas hem Gyrgyzystanda Türkmenistandan baran studentleriň ençeme müňüsiniň bilim almagydyr. Rewolýusiýanyň şemalyny duýan türkmen talyplary türkmen häkimiýetlerini alada goýup biler diýen ynanç bar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG