Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda 7-nji aprelde bolan wakalara häzirlikçe taryhy nukdaýnazardan baha berlip ýetişilenok. Emma syýasaty öwrenijiler hökümetdäki korrupsiýa bilen döwleti maşgala agzalary bolup dolandyrmak syýasatynyň bäş ýylyň dowamynda köpçüligiň janyna degmegini bir günüň içindäki hökümet çalşygy çözdi diýip belleýärler.

Roza Otunbaýewa
Çarşenbe güni agşam Halk gurultaýynyň merkezi dolandyryş komitetiniň agzalary bilen täze hokümetiň wekilleriniň arasynda bolup geçen gepleşikden soň önki premýer-ministr Daniýar Usenow wezipesinden meýletin gidýänligi hakdaky dokumente gol çekdi.

Halk gurultaýynyň Merkezi dolandyryjy komiteti halka beýannama bilen ýüz tutup, bütin hökümeti öz eline alandygyny yglan etdi. Ýurtda tertibi we howpsuzlygy üpjün etmek üçin halk goşunlary düzüldi. Bişkegiň komendantlygyna Turat Maldybekow saýlanyp, tertip-düzüni goraýjy organlar bilen harby gullukçylar onuň golastyna berildi.

13 adamdan ybarat komitetiň başlyklygyna Roza Otunbaýewa, premýer-ministriň wezipesine Bolot Şerniýazow, Goranmak ministri wezipesine türmeden ýaňy çykan Ismail Ishakowy bellenilip, gyrgyz döwleti taryhda täze sahypa açmaga girişdi.

Nämeden başlamaly?

Indi olaryň öňünde işi nämeden başlamaly diýen sorag peýda boldy. Täze hokümetiň agzasy Azimbek Beknazarow häzirki öňde duran möhüm meseleler diýip, şulary belledi: “20 ýyldan bäri Gyrgyzystany ýykyp-ýumran, gemren adamlaryň atlaryny-familiýasyny açyk aýtmaly. Olary jezasyny çekmeli. Olaryň ogurlan baýlyklaryny ýeriň düýbünden bolsa-da tapmaly we halka gaýtaryp bermeli bolarys. Şonda halk bize ynanar. Soňra döwlet başyna gelen adam konstitusiýany öz islegine görä üýtgedip bilmez ýaly edip, Baş kanunymyza ýazmaly.”

Beknazarow şeýle-de döwletiň regiondaky bütewüligini saklap, halk hökümetiniň ýokarydygyny üpjün edýän, kanunçylygy gyssagly durmuşa geçirmelidigini aýratyn belledi.

Sekiz ýyl türmä basylyp, türmedäki ýagdaýy görüp-bilip gelen Ismail Ishakow sud adalatlylygyny ornatmagyň ikinji derejeli wezipe bolmaly däldigini aýtdy: “Biz sudýalary, prokurorlary hem-de sülçüleri täzelemeli. Sebäbi biz oturyp çykdyk. Derňew izolýasiýasynda saklanýan ýigitleri horlap, ýenjip, kellesine selofan, protiwogaz geýdirip demligine gaz berip, elini, aýagyny baglap günäni boýun aldyrýarlar. Sud hiç kime boýun egmeýär diýlip kanunda ýazylan bolsa-da, kanuny bozýan adamlary, jezalandyrmaly bolarys”.

Prezident Kurmanbek Bakyýewiň wezipesinden çekilip-çekilmändigi barada anyk maglumat ýok. Emma il arasynda ol maşgala agzalary bilen Oş şäherine gidipdir diýen maglumat bar.

Köp gan döküldi

Premýer-ministr edilip saýlanan Bolot Şerniýazowyň sözlerine görä, Gyrgyzystanda graždanlyk urşy bolmaz. “Sebäbi Akaýewiň döwründäkiden tapawutlylykda bu hökümet agdarylyşygynda köp gan döküldi. Dökülen gan üçin ol Kurmanbek Bakyýew jezasyny çekmeli bolar.”

Saglygy saklaýyş ministrliginiň wekilleriniň maglumatyna görä, Gyrgyzystan boýunça ýaralananlaryň sany 530 töweregi, ölenleriň sany 75-e ýetipdir. Olaryň ýaşynyň 15 den 50-ä çenlidigi aýdylýar.

Talaňçylar gijesi bilen Bişkegiň dükanlaryny taladylar. Premýer-ministr bilen Bişkegiň komendanty olara garşy halk goşunlaryny goýdy. Gyrgyzystanyň önki prezidenti Askar Akaýew Kurmanbek Bakyýewi prezidentlik wezipesinden meýletin çekilmäge çagyrdy.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa bilen telefon arkaly gepleşip, Gyrgyzystana moral, material hem-de howpsuzlyk taýdan kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň hem-de Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedewiň penşenbe güni Pragada bolup geçen duşuşygynda hem iki ýurduň prezidentleri Gyrgyzystandaky ganly wakalar barada pikir alyşdylar.

Praga şäherinde Bakyýewiň döwründe daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolan syýasatçylaryň Bişkege bilet satyn alýandygy habar berilýär. Emma olara täze hökümetde nähili orun beriljekdigi belli däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG