Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň saglyk pudagy barada ýygnak geçiriler


12-nji aprelde Serhetsiz lukmanlar topary Berlinde we Moskwada ýörite metbugat ýygnagyny gurnap, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagy barada öz hasabatyny ýaýradar.

Bu maglumaty düýbi Moskwada ýerleşýän Garaşsyz metbugat merkezi Serhetsiz lukmanlar toparyna salgylanyp ýaýratdy.

2009-njy ýylyň dekabr aýynda Serhetsiz lukmanlar topary Türkmenistanda alyp barýan işlerine päsgelçilik döredilenligini aýdyp, bu ýurtdaky edarasyny ýapýanlygyny yglan edipdi. Bu topar Türkmenistanda on ýyldan gowrak iş alyp bardy.

Serhetsiz lukmanlar toparynyň aýtmagyna görä, olar Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagy boýunça ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary meselesinde baý tejribä eýedir.
XS
SM
MD
LG