Sepleriň elýeterliligi

Eýran: «Tussag edilen 3 amerikan aňtaw gullugy bilen ilteşikli»


Eýranyň aňtaw ministri yrak serhetinden Eýrana geçeni üçin tussag edilen üç amerikalyny Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugy bilen ilteşiklilikde aýyplady.

Eýranyň iňlis dilli Pres TW hemra kanalynyň aýtmagyna görä, aňtaw ministri Heýdar Moslehi Tähranda bu barada ynamdar subutnamanyň bardygyny aýdypdyr.

Ministr bu subutnamanyň nämedigini aýtmandyr, ýöne onuň basym habar gulluklaryna aýan edilejegini nygtapdyr.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi F. Krowliý bu üç adamyň aňtaw gullugy bilen ilteşigi barada aýdylýanlary ret etdi.
XS
SM
MD
LG