Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netenýahu ABŞ-nyň ýadro sammitine gatnaşmaýar


Ysraýyl resmileri premýer ministr Benýamin Netenýahuyň Waşingtona planlaşdyrylan saparyny goýbolsun edendigini aýdýarlar. Ol amerikan prezidenti Barak Obamanyň geçirýän ýadro howpsuzlygy sammitine gatnaşmalydy.

Ysraýyl resmilerinden sitirlenen sözlere görä, Netenýahu bu karara Müsüriň we Türkiýäniň bu sammitde Ysraýyly ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnama gol çekmäge hem-de öz ýadro kärhanalaryny halkara gözegçilerine açmaga çagyrmak ähtmallygyny eşidenden soň gelipdir.

Ysraýyl özüniň ýadro ýaragynyň bardygyny hiç wagt tassyklamady we inkär etmedi. Ýöne bu ýurt Orta Gündogarda ýeke-täk ýadro ýaragly döwlet hasaplanýar.

Waşingtonda boljak konferensiýa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan resmiler gatnaşmaly we olar ýadro ýaraglarynyň jeňçi toparlara geçmeginiň öňüni almak barada maslahat etjekler.
XS
SM
MD
LG