Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanyň parlamenti reformalary tassyk edýär


Päkistanyň milli assambleýasy prezident Asif Ali Zardariniň esasy ygtyýarlyklaryny ýatyrmak baradaky reformalara biragyzdan ses berdi.

Parlamentiň aşaky öýüniň sözçüsi Fahmida Mirza kanuna düzediş 292 sesiň goldamagynda, hiç kimiň garşy çykmazlygynda tassyk edildi diýdi.

Bu kanuny indi senat ýa-da parlamentiň ýokary palatasy tassyk etmeli.

Şeýle-de kanunçylar öňki prezident Perwez Muşarafyň 1999-njy ýylyň 12-nji oktýabryndaky döwlet agdarylyşygyny bikanun diýip yglan etdiler, ozalky prezident Ziýa ul Hakyň adyny konstitusiýadan öçürdiler.

Päkistanyň premýer ministri Ýusuf Raza Gilani bu reformalary gutlady.
XS
SM
MD
LG