Sepleriň elýeterliligi

Obama Gündogar Ýewropanyň howpsuzlyk gorkularyny köşetmäge çalyşýar


Prezident Barak Obama ABŞ bilen Orsýetiň gatnaşyklary kommmunist agalygynda bolan ýurtlar bilen howpsuzlyk baglanyşygyny gowşadar diýen gorkyny azaltmak üçin merkezi we gündogar Ýewropanyň NATO ýaranlarynyň liderleri bilen duşuşdy.

Penşenbe güni Pragada rus kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen ýadro ýaraglaryny kemeltmek baradaky şertnama gol çekenden soň, Obama Ýewropanyň 11 liderini nahara çagyrdy.

Ozalky sowet blogy ýurtlary howpsuzlyk üçin Birleşen Ştatlar bilen berk baglanyşygyň bolmagyny wajyp hasaplaýar. Emma Moskwa bilen gatnaşyklara täzeçe garalmagy we Obama adminstrasiýasynyň raketa galkanyny gurmak planyny üýtgetmegi Waşington bilen gatnaşyklaryň gowşamak ähtimallygy baradaky gümanlara getirdi.
XS
SM
MD
LG