Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti işden çekilmändigini aýdýar


Gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýew oppozisiýa zorlukly gozgalaňyň üzysüre kontroly öz eline alandygyny aýdandan bir gün soň özüniň häkimiýetden çekilmändigini aýtdy.

Bakyýew ozalky daşary işler ministri Roza Otunbaewa özüniň «ugrukdyryjy» hökümetiň başlygydygyny, täze konstitusiýa taslanýança alty aýlyk geçiş hökümetini dolandyrjagyny aýdyp çykyş edenden soň gürledi.

Şularalykda Gyrgyzystanyň öz-özüni bellän geçiş hökümetiniň ýerine ýetiriji içeri işler ministri Bolat Şernyýazow howpsuzlyk güýçlerine talaňçylyk bilen meşgul bolýanlary tüpeňlemegi buýrandygyny aýtdy.

BMG-niň başlygy Ban Ki-mun Gyrgyzystana öz ýörite wekilini iberjegini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Katrin Aşton bolsa derhal kanunçylyga we düzgün-tertibe dolanmaga çagyrdy.

Ak tam howpsuzlyk güýçleriniň adam öldürmekde ulanylmagyna gynanç bildirdi.
XS
SM
MD
LG