Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Orsýet Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyk barada oýlanýar


Amerikan resmileri Gyrgyzystandaky gozgalaňa öz jogaplarany bermek üçin Orsýet bilen ýakyndan işleşýändiklerini aýdýarlar.

Prezident Barak Obama bilen rus prezidenti Dmitriý Medwedew Pragada ýaraglar şertnamasyna gol çekmezden öň bu mesele barada pikir alyşdy.

Obamanyň Orsýet meseleleri boýunça uly direktory Maýkl Mkfol Birleşen Ştatlaryň bu konflikte Amerika bilen Orsýetiň arasyndaky çekeleşigiň bir alamaty hökmünde garamaýandygyny nygtady.

Ol bu mesele barada Obama bilen bolan gürrüňi Medwedewiň başlandygyny aýtdy.

Mkfol bu iki ýurduň häzirlikçe anyk bir karara gelmändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG