Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Gyrgyzystanyň täze häkimiýetlerini ykrar etmekçi bolýar


Orsýet Gyrgyzystanyň özlerini ýurduň täze ýolbaşçylyry diýip yglan eden häkimiýetini ykrar etmäge tarap ädim ätdi, emma Birleşen Ştatlar täze häkimiýetleri ykrar edip-etmezlik hakynda entek belli karara gelmändigini aýdýar.

Prezident Kurmanbek Bakyýew Gyrgyzystanyň kanuny lideridigini aýdyp, işden çekilmek baradaky çagyryşlary ret edýär.

Şol bir wagtda ol paýtagt Bişkekden kowalanyp çykarylandygyny, elinde hiç bir häkimiýet ygtyýarlygyny galmandygyny boýun alýar.

Habaralara görä, Bişkekde ýagdaý durnuksyzlygyna galýar, penşenbe güni agşam köçelerde tüpeň sesleriniň eşidilendigi aýdylýar.

Täze häkimiýetler talaňçylaryň tüpeňlenjekdigini duýdurdy.

Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin penşenbe güni Roza Otunbaýewa bilen telefonda gürleşdi we Orsýetiň kömegini teklip etdi.
XS
SM
MD
LG