Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Gyrgyzystandaky harbylaryny köpeldýär


Orsýet Kurmanbek Bakyýewiň hökümeti agdarylandan soň Gyrgyzystandaky harby güýçlerini artdyrdy.

Orsýetiň baş ştabynyň komandiri Nikolaý Makarow Bişkegiň alkymynda ýerleşýän Kant şäherindäki rus howa güýçleriniň işgärlerini we olaryň maşgala agzalaryny goramak üçin 150 çemesi rus desantçysynyň Gyrgyzystana iberilendigini aýtdy.

Biraz öň Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin wagtlaýyn häkimiýeti ele geçirendiklerini aýdýan oppozisiýa liderlerine «ynsanperwer goldaw» teklip edipdi.

Putin bu teklibi Roza Otunbaewa bilen bolan telefon gürrüňinde etdi.
XS
SM
MD
LG