Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Demirgazyk akymyň” gurluşygy başlady


Şu gün Sankt Peterburgyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Portowaýa aýlagynda “Demirgazyk akymyň” simwolik gurluşygyna başlanylmagy dabara bilen bellenip geçildi.

Bu dabara ors prezidenti Medwedew bilen Ýewropa Bileleşiginiň energiýa komissary Günther Öttinger gatnaşdy.

Bu goşa turba 2012-njy ýyldan beýläk Orsýetiň takmynan 55 milliard kubometr tebigy gazyny Germaniýa ýetirer.

Uzynlygy 1222 kilometr bolan ”Demirgazyk akym” gurlup, ulanylmaga berlensoň, dünýädäki iň uzyn deňiz asty turba bolar. Ol Baltika deňziniň ortasyndan göni Germaniýanyň Greifswald portuna geler.

Birinji turbanyň gurluşygy geljek ýyl, ikinjisi hem 2012-nji ýylda tamamlanar diýip, pikir edilýär.

“Demirgazyk akymyň” gurulmagy baradaky planlar ençeme ýyla çekip, gaty jedelli boldy.


Bu geçirijiniň tarapdarlary, şol san-da Germaniýa hökümeti-de, oňa arzan ors gazynyň çeşmesi hökmünde garaýar. Sebäbi ol Orsýetden Germaniýa gaz akdyrylýan häzirki geçirijilerden tapawutlylykda beýleki döwletlere sowa, gös-göni Germaniýa barar. Şol sebäpden hem alyjy-da, satyjy-da beýleki ýurtlara tranzit hakyny tölenmeli bolmaz.

Bu geçirijä garşylar hem: “Ol Germaniýanyň ors gazyna bolan garaşylygyny artdyrar, özi-de Ýewropanyň bu garaşlylykdan dynmak üçin gaz almaga başga ýollary agtaryp ýören şu mahaly” diýip, delil getirýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň häzir sarp edýän nebit-gazynyň 50% töweregi Orsýetden gelýär. Şu gidişine gitse, bu garaşlylyk 2020-njy ýyla çenli 70%-e barar diýlip çak edilýär.

Soňky ýyllarda Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda turan dawa zerarly Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlar-da ençeme gezek gazsyz galdylar. Bu ýagdaý, ýakyn goňşulary Ukraina bilen Gürjüstanyň garşysyna bolşy ýaly, Orsýet öz energiýa eksportyny Ýewropa Bileleşiginiň garşysyna-da ötgür ýarag ediner diýen gorkyny artdyrýar.

Ýöne “Demirgazyk akymyň” bu günki dabarasyna gatnaşanlar “Bu proýekt Orsýet bilen Bileleşik arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirer” diýip, bu gorkyny ýatyrmaga synanyşdylar.

Häzir Orsýetiň eksportdan alýan girdejisiniň 60%-i energiýa ýangyjynyň eksportyndan gelýär. Munuň hem ýarysy Ýewropa Bileleşigine edilýän eksportdan gelýän girdejidir.

“Demirgazyk akymda” “Gazpromyň” 51, Germaniýanyň “Wintershall” kompaniýasynyň 20%, ”E.ON” kompaniýasynyň 20%, Gollandiýanyň “Gasunie” kompaniýasynyň hem 9% paýy bar.
XS
SM
MD
LG