Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kommunal hojalyga nägilelik bildirildi


9-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisde ýurduň baştutany Aşgabat şäher häkimliginiň kommunal hojalygyna özüniň juda nägileligini bildirip, şäheriň arassaçylygyna edilýän gözegçiligiň juda ýaramazlygyny aýtdy.

Ýurduň prezidentiniň eden tankydy belliklerinden netije çykaran şäheriň kommunal hojalygynyň ýolbaşçylary dessine herekete geçdiler. Häzirki wagtda kommunal hojalygyna degişli işgärleriň tas hemmesi diýlen ýaly, agşamky smena çykaryldy.

Gijäniň ýary bolandygyna garamazdan, şäheriň zir-zibil üýşen ýerlerinde kommunal hojalygynyň işgärleri arassaçylyk işlerini geçirmeklerini dowam edýärler. Zir-zibil daşaýan maşynlar bolsa dynuwsyz işledilýär.

Gije sagat 23:00 töwereginde hem kommunal hojalygynyň işgärleriniň şäherdäki zir-zibilleri ýygnap ýörmegi paýtagtyň ýaşaýjylaryny juda geň galdyrdy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG