Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystandaky türkmen studentleri parahat


Gyrgyzystan gaýtadan dünýäni geň galdyrdy. Halk aýaga galyp, soňky döwürde adalatsyzlyga ýol berendigi aýdylýan hökümeti güýç bilen agdardy.

Netijede häkimiýet başyna özlerini halk wekilleri diýip atlandyrýan güýçler geldi. Emma bu hökümet çalşygy gan döküşikli çaknyşyklar arkaly amala aşyryldy.

Gyrgyzystanda eýýäm wagtlaýyn hökümet işe başlan-da bolsa, ýurtda häzirlikçe dartgynly ýagdaý dowam edýär. 9-10-njy aprel günleri ýurtda 7-nji aprelde gurban bolanlaryň hatyrasyna ýas günleri geçirilýär.

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, Bişkekde bolan wakalarda 76 adam ölup, 1500-den gowrak adam ýaralandy. Ölenleriň ýaşy 15-den 50-ä çanli aralykda. Ölenlerden 12 adamynyň häzirlikçe şahsyýeti anyklanylmady.

Anna güni Bişkegiň «Alatoo» merkezi meýdanyna müňläp adam çykdy. Meýdana gelen adamlar gan yzy galan ýerlere gül goýdular. Gurhan okap, heläk bolanlary ýatladylar.

Merhumlar 10-njy aprel güni Gyrgyzystanyň iň tanymal jemgyýet, döwlet, bilim we medeniýet işgärleriniň jaýlanylýan “Ata Beýit” gonamçylygynda depin edilýär.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti heläk bolanlaryň maşgala agzalaryna 1 million som, ýaralananlara bolsa, 50 müň som mukdarda kömek beriljekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ýagdaý durnuklylaşýar.

Türkmenistanly studentleriň ýagdaýy

Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, häzir Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda 2000-den gowrak türkmenistanly studentler okaýar.

Gyrgyzystanyň Bilim ministriniň ýokary bilim boýunça birinji orunbasary Boris Kubaýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna, ýurtdaky kollejlerde, tehnikumlarda, ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentlerine hiç hili demonstrasiýalara, mitinglere gatnaşmaly däl we öýden çykman oturmaly diýlen duýduryş berlipdir.

«Wakanyň başlanan güni we ertesi studentlere öý işlerini berip, öýden çykman oturmaklaryny tabşyrdyk we olary sapaklardan boşatdyk. Şu mahala çenli bize Gyrgyzystanda okaýan 2000-den gowrak türkmenistanly studentleriň mitinglere gatnaşandyklary ýa-da olara fiziki taýdan şikes ýetendigi barada maglumat gowuşmady» diýip Kubaýew aýtdy.

Kubaýew Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisiniň-de Bilim ministrligine jaň edip, türkmen studentleriniň ýagdaýy bilen gyzyklanandygyny, türkmen studentleriniň howpsuzlygyny goramak üçin Ministrligiň goşmaça çäreleri görýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Bişkekdäki Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmenistanly studentler hem özleriniň dynç we parahatdyklaryny Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Bişkekdäki Amerikan uniwersitetiniň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar bolüminiň başlygy Kimel Tohtamyşew Bişkekde mitingleriň başlanmagy bilen uniwersitetiň ýapylandygyny aýtdy: «Studentler 12-nji aprelde okuwlaryny dowam etdirip başlarlar. Biz olara öýden çykman oturmagy berk tabşyrdyk. Şonuň üçinem biziň studentlerimiziň demonstrasiýalara gatnaşandygy barada hiç hili maglumat berilmedi. Bişkekde ýagdaý gowulaşýar. Bazarlar işläp, dükanlar açylyp başlady.»

Oş şäheri asuda


Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, Oş şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda hem türkmenistanly studentler okaýarlar. Uniwersitetiň filologiýa fakultetiniň mugallymy Dawron Nasibhonow Oş şäherinde howply wakalaryň bolmandygyny aýtdy.

«Adamlar häkimligiň öňüne mitinge çykdylar. Bizde beýleki şäherlerdaki ýaly binalara hüjüm edilmedi. Uniwersitetdäki studentler üçin howply ýagdaý bolmandygy üçin uniwersitetiň ýolbaşçylary «okuw adatdaky ýaly dowam eder» diýen karar çykardylar. Biziň uniwersitetimizde hiç hili adatdan daşary ýagdaý bolmady. Şonuň üçin hem bizde sapaklar ýatyrylmady» diýip, Oş şäherindäki uniwersitetiň mugallymy Dawron Nasibhonow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Gelip gowuşýan habarlara görä, häzirki ýagdaýda Bişkege nähili ilkinji kömekleriň zerurdygyny anyklamak maksady bilen şenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Morel Bişkege sapara barmaly.
XS
SM
MD
LG