Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti «ENI» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi


Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow Italiýanyň «ENI» nebitgaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Paolo Skaronini kabul etdi diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugy ýazýar.

«ENI» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Italiýanyň we umuman Ýewropa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň ägirt uly energetiki potensiala eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Paolo Skaroni hyzmatdaşlyk etmek meselelerine konstruktiw, işewür çemeleşmegi üçin, öz ýolbaşçylyk edýän konserniniň Türkmenistan tarapyndan hödürlenilen giň möçberli taslamalara işeňňir gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugy adýar.
XS
SM
MD
LG