Sepleriň elýeterliligi

Taýlandda polisiýa oppozisiýa güýçlerini dargatdy


Taýlandda polisiýa oppozisiýa güýçlerini dargatmak üçin, göz ýaşardygy gaz ulandy.

Olar Bangkogyň etegindäki “Halk telekanaly” edarasynyň öňüne ýygnanyşdylar.

Öňki premýer-ministr Taksin Çinawatanyň müňlerçe tarapdary hökümetiň işden çekilmegini talap edip, redaksiýanyň ofisine hüjüm etdiler.

“Gyzyl köýnekliler” atlandyrylýanlar häkimiýetleriň görkezmesi bilen gadagan edilen oppozisiýa telekanalyň gaýtadan işe başlamagyny talap edýärler.

Bangkokdaky häzirki protestler bir aý çemesi dowam edýär. Häzire çenli olary dargatmak üçin, güýç ulanmandy.
XS
SM
MD
LG