Sepleriň elýeterliligi

Howanyň üýtgemegi barada halkara maslahat işe başlady


Bonnda howanyň üýtgemegi barada üç günlük halkara maslahat anna güni işe başlady.

Maslahat BMG-nyň howandarlygy astynda geçýär. Oňa 190-dan gowrak döwletden wekiller gatnaşýar.

Bu Kopengagende bolan sammitden soňraky ilkinji maslahatdyr. Onda öňki Kioto protokolyny täzelemek barada pikir alyşylýar.

Geçen ýylyň Dekabr aýynda Daniýanyň paýtagtynda bolan sammitde howa goýberilýän zäherli gazy azaltmagyň kanuny borçlaryny ylalaşmak başartmandy.
XS
SM
MD
LG