Sepleriň elýeterliligi

1-nji ýanwardan bäri özbek sumy gara bazarda ABŞ-nyň dollaryna görä, hümmetini 20% ýitirdi. Geçen hepde Özbegistanyň bazarlarynda bir amerikan dollary 2400 sumdan satyldy.

Ferganaly bir ýigidiň aýtmagyna görä, bazarda dollar 2430-dan satylýar. Diýmek, 100 amerikan dollary 243 000 özbek sumuna deň. Täze ýyl güni 100 amerikan dollary 200 müň sumdan satylypdy: “Özbegistanda dollaryň bahasy örän tiz galýar. Öňler bir galyp, bir düşer durardy. Häzir yzygiderli galýar”.

Onuň sözlerine görä bazardaky bu tendensiýa örän howply: “Şeýle ýagdaý ýene-de birki aý dowam etse, maýda söwdagärleriň, telekeçileriň işi
Şeýle ýagdaý dowam etse, telekeçileriň işi gaýdar.
gaýdar. Daşary ýurtlardan getiren harytlaryny öňki alan bahasyndan satyp bilmezler. Sebabi olar harydy diňe dollara satyn alýarlar we özbek sumuna satýarlar. Hatda Gazagystandan, Gyrgyzystandan alýan harytlaryny-da amerikan dollaryna satyn alýarlar.”

Ferganaly ýigit daşary ýurt walýutasynyň hümmetiniň galmagynyň sebäplerini respublikada walýutalaryň başga zatlara sarp edilýänliginden görýär: “Dollaryň belli bir mukdary tygşytlanyp, dollar çalyşýan punktlarda satylsa, walýutaň bahasy kän galmazdy. Ýurtda ýüzlap maýda söwdagärler işlap bilerdi. Halk esasan söwda edip, gün-güzeran geçirýär. Şulary hasaba alyp, döwlet bahasyndan dollar satsalar, dollaryň bahasy o dereje galmazdy”.

Özbegistanly spesialist hem ýurtda dollaryň bahasynyň örän tiz galýandygyny tassyklaýar. Ykdysatçy Marufjon Abdurahmanow “Özbegistanda dollaryň bahasynyň galmagy dollaryň hümmetiniň ýokarlanmagy bilen däl-de, ýurduň milli walýutasynyň hümmetiniň pese gaçmagy bilen bagly” diýýär.

1-nji ýanwar güni bir amerikan dollary Orsýetiň 30 rubl 18 köpügine deňdi. 6-njy aprel güni bir amerikan dollary 29 rubl 24 köpuge deň boldy.

Ykdysatçy Abdurahmanow özbek sumunyň hümmetiniň gün saýyn pese gaçmagynyň sebäplerini şeýle düşündirdi: “Sumuň hümmetiniň pese gaçmagynyň esasy sebäpleriniň biri ulanyjynyň bazaryndaky harytlaryň bahasynyň galmagynda, şeýle-de resmi Milli bankyň öz punktlary arkaly milli sumy daşary ýurt walýutalaryna erkin çalyşmaga mümkinçilik bermeýändigindedir. Hususy telekeçiler özleriniň alýan harytlarynyň hemmesini diýen ýaly daşary ýurtlardan getirýärler. Daşary ýurtlardan alynýan harytlaryň bahasyny bolsa olar dollarda belleýärler. Netijede harydyň bahasynyň galmagy bilen dollaryň bahasy-da galýar.”

6-njy aprel güni Özbegistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda “Bir amerikan dollary 1556 sum 69 tiýine deň” diýip ýazdylar.

Daşkentli ýene-de bir ykdysatçy Wiktor Iwoniniň sözlerine görä, Özbegistanda walýutanyň gara bazary öz-özünden peýda bolmandyr. Bu anyk maksada hyzmat edýän sistema bolup, ol ýerde işleýänler kassirlerdir. Aslynda bu bazar dolandyryjylar tarapyndan ýöredilýär. “Gara bazary spesialistler dolandyrýarlar. Bu işe bankirleriň özleri-de goşulýan bolmaly”diýip, ykdysatçy Iwonin aýtdy.
XS
SM
MD
LG