Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa ýas tutýar


Smolenskiniň eteginde betbagtçylyga uçran uçarda heläk bolan Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiniň jesedi ýekşenbe güni uçar bilen Polşa getirildi.


Jesetli tabydy prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Bronislaw Komarowskiý, hökümet başlygy Donald Tusk, beýleki resmiler garşyladylar.

Ýekşenbe güni günortan Polşada iki minutlap sirena sesi ýaňlandy, şol wagt içinde tutuş ýurt uçar betbagtçylygynda heläk bolan prezident Leh Kaçinskiniň hem beýleki heläk bolan 95 adamyň hatyrasyny dymmak bilen tutdular.

Warşawanyň ýaşaýjysy Silwiýa şeýle diýdi: “Häzir öz syýasy duýgudaşlygyň ýa oňa garşylygyň barada pikir etmegiň wagty däl. Meniň pikirimçe bu betbagçylyk hemmeleri birleşdirer. Biz heläk bolanlaryň garyndaşlarynyň nähili ejir çekişini duýmaly. Edil häzir olaryň hasratyny bölüşmegiň wagty!”.

Betbagtçylykda heläk bolanlaryň arasynda Polşanyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy, beýleki ýokary derejeli harbylar, ýurduň Merkezi bankynyň başlygy, parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik işgärleri , hökümet agzalary, din hadymlary, katyn tragediýasynda wepat bolanlaryň garyndaşlary bar.

Polşanyň delegasiýasy NKWD-niň goşunlarynyň polýak ofiserlerini atyp öldürmeginiň 70 ýyllygy bilen bagly ýas dabarasyna gatnaşmak üçin Orsyetiň Smolenski oblastyndaky Katyn obasyna barýardy. Uçarda diri galan ýekeje adamam ýok.

Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiniň heläk bolmagy sebäpli, Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili Leh Kaçinskä “Gürjüstanyň milli gahrymany” diýen at-dereje berdi.
XS
SM
MD
LG