Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda ölen kömürçileriň sany 33 adama ýetdi


Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynda kömür känini 28-nji martda suw basmagy zerarly heläk bolan kömürçilelriň sany 33 adama ýetdi.

“Sinhua” agentliginiň maglumatyna görä, halas edijiler ýene-de 5 jesedi çykarypdyrlar. Ýene-de 5 adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär.

Käni suw basanda, ýeriň aşagynda 153 adam bolup, geçen hepde olaryň 115-sini haslas etmek başardypdy.

Geçen ýyl Hytaýyň kömür känlerinde iki ýarym müň gowrak adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG