Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň azyndan dört owgan harbysy heläk boldy


Owganystanyň günortasynda bomba partlanda, bärsinden dört owgan harbysy heläk boldy, on gowrak adam ýaralandy.

Gandagar welaýatynyň Daman etrabyndan gowuşýan habarlara görä, elde ýasalan bomba awtobusda partlady.

Ýurduň gündogaryndaky Gazni welaýatynda şenbe güni agşam owgan soldaty polýak harby gullukçysyny ýaralap, gaçyp gitdi, ol gözlenýär.

Mundan öň Gilmendiň merkezi Laşgar-Gah şäherinde üç italiýanyň we Italiýanyň ynsanperwer medisina guramasynyň alty owgan işgäriniň saklanandygy, olaryň gubernatoryň janyna kast etmäge taýýarlyk görmekde güman edilýändigi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG