Sepleriň elýeterliligi

Sudanda köppartiýalylyk esasynda saýlawlar geçirilýär


Sudanda 1986-njy ýyldan bäri ilkinji gezek köppartiýalylyk esasynda saýlawlar geçirilýär. Köp sanly düzgün bozmalara we galplyklara garaşylýar.

3 günlük saýlawlaryň gidişinde ýurduň prezidenti, milli assambleýa, ýarym awtonom ýurduň günortasynyň baştutany, şeýle-de häkimiýetiň ýerli organlary saýlanar.

1989-njy ýyldaky harby agdarylyşygyň netijesinde häkimiýet başyna gelen häzirki prezident Omar al-Başar ýeňiş gazanjakdygyna ynanýar.
Azat hem adalatly saýlawlaryň bolmajakdygyny aýdyp, oppozisiýa wekilleri öz kandidaturalaryny aýyrdylar.

Al-Başir Sudanyň Darfur welaýatynda gara derili ilaty ýok etmekde Halkara jenaýat sudy tarapyndan aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG