Sepleriň elýeterliligi

Eýran Yrakda milli agzybirlik hökümetini döretmäge çagyrdy


Eýran Yragyň öňdebaryjy syýasy güýçlerini ýurtda azlyk bolan sünnüleriň gatnaşmagynda milli agzybirlik hökümetini döretmäge çagyrdy.

Eýranyň Bagdatdaky ilçisi Hassan Kazemi Komi “7-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijeleri Yrakda özbaşdak hökümet düzüp biljek partiýanyň ýokdugyny görkezdi” diýdi.

Ýurtdaky iki uly blok - öňki premýer-ministr Aýad Alawynyň hem häzirki hökümet başlygy Nury al-Malikiniň toparlary - tas deň derejede parlamentde orun aldylar.

Alawy mundan öň täze yrak hökümetini düzmekde öz täsirini ýetirmäge synanyşykda Eýrany tankyt edipdi.
XS
SM
MD
LG