Sepleriň elýeterliligi

Waşingtonda ABŞ-nyň we Ukrainanyň prezidentleri duşuşarlar


Duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ukrainanyň baştutany Wiktor Ýanukowiç bilen Waşingtonda duşuşar.

Duşuşyk ýadro howpsuzlygy boýunça halkara sammtiniň gidişinde bolar.

Ak Tamyň maglumatyna görä, ABŞ-nyň we Ukrainanyň liderleri giň meseleler toplumyny, şol sanda ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk, dünýä ykdysady krizisiniň netijeleri, energetik howpsuzlyk, goranmak boýunça hyzmatdaşlyk ýaly meseleleri maslahatlaşarlar.

Bu Barak Obama bilen Wiktor Ýanukowiçiň ilkinji duşuşygy bolar.
XS
SM
MD
LG