Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň basyp alyjy ýurt hökmünde ykrar edilmegi islenýär


Gürjüstanly deputatlar 50-den gowrak ýurda iberen hatlarynda Günorta Osetiýa we Abhaziýany basyp alanlygy sebäpli, Orsýetiň basyp alyjy ýurt hökmünde ykrar edilmegini islediler. Bu habary Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugy 11-nji aprelde habar berdi.

Gürjüstanyň parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komiteti, ýewropaly ýurtlar bilen bir hatarda, ABŞ we Kanada ýaly ýurtlaryň parlamentlerine bu barada ýörite hat ýollady.

Şol komitetiň başlygynyň orunbasary Giýorgi Kandelaki 9-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugyna beren interwýusynda bu tagallanyň Moskwanyň Tbilisä bolan jogapkärçiligini artdyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.

Kandelaki bu hatlaryň Gürjüstanyň parlament agzalary tarapyndan ýazylanlygyny, emma bu tagalla gürji ýolbaşçylarynyň hem goldaw berýänligini belledi.
XS
SM
MD
LG