Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Polşanyň prezidentiniň ölümine gynanç bildirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polşaly ýolbaşçylaryň adyna iberen hatynda uçar heläkçiliginde ýogalan prezident Leh Kaçinski, onuň aýaly Mariýa Kaçinski we beýleki adamlar baradaky gynanjyny bildirdi.

Berdimuhemedowyň şol hatynda “biz öz garyndaşlaryny, doganlaryny we liderlerini ýitiren Polşanyň halkynyň gynanjyny paýlaşýarys” diýip ýazdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdeleri ýazýar.

Berdimuhamedow Polşanyň prezidenti Kaçinskiniň uly liderdigini we halkara syýasatda uly abraýa eýedigini hem hatynyň dowamynda belleýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen bir hatarda käbir beýleki ýolbaşçylar hem polşaly lideriň uçar heläkçiliginde wepat bolanlygy baradaky waka boýunça gynanjyny bildirdi.

Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiniň uçary 10-njy aprelde Orsýetiň günbatarynda heläkçiligie uçrapdy. Şonda onuň bilen bir hatarda onlarça adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG